SPORT

Ronaldodan Messi barada…

Dünýä belli portugal hüjümçi Kristiano Ronaldo argentinali hüjümçi Lionel Messi bilen arasyndaky bäsdeşligiň tamamlanandygyny belledi.

– Men hiç hili bäsdeşlik görmeýärin. Ol tamamlandy. Bu örän gowy bäsdeşlik boldy. Kim Ronaldony gowy görýän bolsa, Messi erbet görmegi hökman däl. Ýa-da bu tersine. Iki sany örän gowy futbolçylar. Futbolyň taryhyny üýtgetdiler we üýtgetmegi dowam edýärler – diýip, belledi.

Ronaldo Messiniň öz ugrunda, özüniň hem öz ugrunda oýnaýandygyny belläp, häzirki wagtda-da ikisiniň hem futbol durmuşymyzyň gowy gidýändigini mälim etdi.

– Biz futbol meýdançasyny 15 ýyl bilelikde paýlaşdyk. Men ikimiz dost diýip biljek däl, ýöne biz kär boýunça kärdeş we birek-birege hormat goýýarys – diýdi.

38 ýaşyndaky Ronaldo 5 gezek “Altyn pökgi” baýragynyň eýesi. Ol häzir Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynda oýnaýar. Mundan ozal, “Real Madrid”, “Mançester Ýunaýted”, “Ýuwentus”, “Sporting” ýaly toparlarda çykyş etdi. Ol çykyş eden ähli resmi duşuşyklarynda 850 gol geçirdi. Bu görkeziji boýunça rekordyň eýesidir. Messiniň gollarynyň sany 818-e deňdir.

37 ýaşyndaky Messi bolsa, häzirki wagtda ABŞ-nyň “Inter Maýami” toparynda çykyş edýär. Ol 2003-2021-nji ýyllarda “Barselona” toparynda oýnady. 7 gezek “Altyn pökgi” baýragynyň eýesidir.

2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda Argentina bilen çempion bolan Messi Fransiýanyň “PSŽ” toparynda hem çykyş etdi.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler