SPORT

Ronaldo “Ýuwentusdan” gidip biler

Italiýanyň «Ýuwentus» toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kristiano Ronaldonyň başga topara geçip biljekdigi aýdylýar. Bu barada “Foot Mercato” portaly habar berýär.

Maglumata görä, Ronaldo “Ýuwentusdaky” geljegine çynlakaý seredýär. 35 ýaşly portugaliýaly toparynyň Çempionlar ligasynyň 1/8 final duşuşyklarynyň netijesi boýunça Fransiýanyň “Lion” toparyndan ýeňlenden soňra bu ugurda pikirlenip başlady. Ronaldo öz menejeri Žorže Mendesden hüjümçiniň hyzmatlary bilen gyzyklanýan klublaryň wekilleri bilen duşuşyklar guramagyny haýyş etdi.

Ronaldo üçin iň ähtimal topar Fransiýanyň “PSŽ” topary bolar. Mendesiň klubyň sport direktory Leonardo bilen eýýäm ilkinji gepleşikleri geçirendigi, olaryň nobatdaky duşuşygynyň Lissabonda geçiriljek Çempionlar ligasynyň final sekizliginiň duşuşyklarynyň çäklerinde bolup biljekdigi bellenilýär.

Ronaldo 2018-nji ýylyň tomsundan bäri “Ýuwentusda” oýnaýar. Ondan öň Ispaniýanyň “Real Madrid”, Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” we Portugaliýanyň “Sporting” toparlarynda çykyş etdi.  Ol “Ballon d’Or” baýragynyň bäş gezek ýeňijisi, Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, üç gezek Angliýanyň çempiony, iki gezek Ispaniýanyň çempiony we Italiýanyň çempionydyr. Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen bilelikde Ronaldo 2016-njy ýylda Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler