SPORT

Ronaldo “Superkuboksyz” galdy

Saud Arabystanyň Super kubogy ugrundaky ýaryşda Kristiano Ronaldonyň “Al-Nasr” topary bilen geçen möwsümiň çempiony “Al-Hilal” topary duşuşdy. Duşuşykda 4:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Al-Hilal” topary Naýbaşy kubogy aldy.

“Al-Hilal” topary 17 minutyň dowamynda 4 gol geçirdi. Duşuşygyň birinji ýarymy Ronaldonyň geçiren goly bilen “Al-Nasr” 1:0 hasabynda üstünligi bilen tamamlandy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda çempion “Al-Hilal” topary 4 jogapsyz pökgi geçirdi. Her iki topar hem özüniň ýyldyz futbolçylaryny duşuşyga goýberdi. Ronaldo, Mane, Laport, Mitrowiç, Malkom, Milinkowiç-Sawiç, Otawio, Ruben Neweş, Renan Lodi oýnady.

Çempion “Al-Hilal” toparynda Mitrowiç, Malkom we Milinkowiç-Sawiç tapawutlandy.

 

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler