SPORT

“Roma” topary 700 million dollara satyldy

Italiýanyň “Roma” topary ABŞ-nyň “Friedkin Group” kompaniýasy tarapyndan satyn alyndy. ABŞ-ly işewür Dan Fridkin Rim klubynyň esasy paýyny we käbir serişdeleri we infrastrukturany öz içine alýan emläklerini alar. Şeýlelikde, takmynan 10 aý dowam eden gepleşikler tamamlandy. “Roma” toparynyň  resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, topar Fridkine 700 million dollara satyldy. Klubyň häzirki eýesi Jeýms Pallotta bilen Fridkiniň arasyndaky şertnamanyň awgust aýynyň ahyryna çenli tamamlanmagyna garaşylýar.

Pallotta we beýleki üç amerikan maýadary bilen bilelikde 2011-nji ýyldan bäri “Roma” eýeçilik edýär. Dokuz ýyl dolandyran döwründe topar 8 baş tälimçini çalyşdy, bir gezek Italiýa kubogynyň finalyna çykdy, “Seria A” çempionatynda 3 gezek ikinji bolup, 2017/18 möwsüminde Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdy.

Ýene-de okaň

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Ata Watan Eserleri