DÜNÝÄ

Rişi Sunak :Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri

Beýik Britaniýanyň täze  Premýer-ministri  Rişi Sunak bolmagyna garaşylýar.  Patyşa Karl III tarapyndan  Premýer-ministr wezipesini Rişi Sunaka  bermegine garaşylýar. Bu Patyşa Karl III döwründe berilen ilkinji  Premýer-ministr wezipesi bolar.

Öň habar berişimiz ýaly, Beýik Britaniýanyň 2 aý ýaly mundan ozal saýlanan Premýer-ministri Liz Trass wezipesini tabşyrjakdygyny mälim edipdi.

42 ýaşyndaky Rişi Sunak 1812-nji ýyldan bäri Beýik Britaniýanyň iň ýaş hökümet başlygy boldy. Şeýle hem ol hindi asylly ilkinji ýolbaşçydyr. Sunak mundan ozal, Boris Jonsonyň Premýer-ministri döwründe maliýe ministri wezipesini amala aşyrdy.

Boris Jonsondan soňra Rişi Sunak Liz Trass bilen premýer-ministrlik wezipesini üçin bäsleşipdi. Ýöne Liz Trassdan yza galypdy. Bu gezek bolsa, ol beýleki dalaşgärleriň ýüz öwürmegi bilen ýeke-täk dalaşgär hökmünde Premýer-ministr boldy.

Ol hem ýurduň täze Premýer-ministri hökmünde Beýik Britaniýanyň ykdysady kynçylyklaryna çözgüt tapmaga synanyşjakdygyny belledi.

Rişi Sunagyň maşgalasy Beýik Britaniýa Afrikanyň gündogaryndan geldi. Sunagyň özi 1980-nji ýylda Southempton şäherinde dünýä indi. Ol ilkinji britan-aziýaly hökümet başlygydyr.

44 günlük Premýer-ministr Liz Trass wezipesini tabşyrdy

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy