BILIM

Riganyň ýokary hukuk mekdebinde bilimiňi kämilleşdirmek maksatnamasy

Riganyň ýokary hukuk mekdebi Ýewropa hukugy we ykdysadyýeti boýunça ýokary depginde güýçlendirilen okuw maksatnamasy boýunça okuwa kabul edişlik yglan eder. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Kabul edişligiň haçan başlanjakdygy entek mälim edilmändir. Bu barada goşmaça maglumat berler.

Okuw maksatnamasynyň dowamlylygy 6 hepde bolup, sapaklar iňlis dilinde alnyp barylýar. Bu okuw maksatnamasy Merkezi Aziýanyň we Günbatar Balkan ýurtlarynyň hünärmenlerine niýetlenendir. Ähli okuw çykdajylary mekdep tarapyndan tölenýär.

6 hepdäniň dowamynda maksatnama gatnaşyjylara hukuk, ykdysadyýet we Ýewropa Bileleşiginiň syýasy wezipeleri boýunça çuňlaşdyrlan sapaklar berler. Şeýle hem okuw maksatnamanyň çäklerinde 1 hepdelik Brýussele we Lýuksemburge okuw syýahaty gurnalar. Syýahatyň çäklerinde okuw maksatnamasyna gatnaşyjylar Ýewropanyň Parlamentinde, Komissiýasynda we Ýewropa Bileleşiginiň Adalat kazyýetinde geçiriljek okuw duşuşyklara gatnaşarlar.

Okuw maksatnama kabul edilmegiň şertleri boýunça dalaşgärler 2-3 ýyl döwlete degişli edaralarda iş tejribesi bolan, iňlis dilinde erkin gürläp bilýän (Sertifikat TOEFL/IELTS), uniwersitetden bakalawr derejesi  alan bolmalydyr (hukukdan bolmagy hökmany şert däl).

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

 

Ylmy işgärler üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Ýaponiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde AQA Global wekiliýeti bilen duşuşyk

Mary welaýatynda täze çagalar bagy açyldy

Ata Watan Eserleri

Şwesiýanyň mekdeplerinde okuwçylaryň mobil telefon ulanmagy doly gadagan ediler

Koreýa bilim almak isleýän türkmen ýaşlary üçin bildiriş

Russiýa Türkmenistana 2026/2027-njy okuw ýyly üçin uniwersitetlerine 500 orun berdi