DÜNÝÄ

Rigada türkmen-latwiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Latwiýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Döwlet sekretarynyň orunbasary – Latwiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň syýasy direktory Iwars Lasis bilen türkmen-latwiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn formatda we ÝB ýaly halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri hem-de Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň, forumlaryň we sergileriň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga itergi berýändigi nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) goşulmagy bilen baglanyşykly Latwiýanyň tejribesini ulanmak mümkinçiligini aýratyn ara alyp maslahatlaşdylar.

Ykdysady, senagat, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa hökümetara toparynyň işini işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi. Şu nukdaýnazardan taraplar ulag we ýokary tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge özara ygrarlylyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy