BIZNES

Rifat Hisarjyklyogluna täze wezipä berildi

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu 170 ýurtdan 45 milliondan gowrak kompaniýany özünde jemleýän Halkara söwda palatasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň agzalygyna saýlandy.

Halkara söwda palatasynyň Ženewada geçirilen Baş Assambleýasynyň mejlisinde bu guramanyň dolandyryjylar geňeşiniň agzalygyna saýlanan Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu beren beýanatynda öz ýurdunyň işewürler jemgyýetçiliginiň adyndan bu ýerde 3 ýyl iş alyp barjakdygyny belläp, Türkiýäniň işewürler jemgyýetçiliginiň tekliplerini we maksatlaryny guramanyň mejlisleriniň çäklerinde ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.

Halkara söwda palatasynyň düzüminde Bütindünýä palatalar federasiýasy, Halkara arbitraž diwany hem-de Bütindünýä işewürler hukuk instituty hereket edýär.

Guramanyň merkezi sekretariaty Fransiýanyň Pariž şäherinde ýerleşýär. 100 ýyllyk taryhy bolan bu gurama dünýäniň 170-den gowrak ýurdunyň 45 million gowrak kompaniýalary agzadyr. Bu gurama Birleşen Milletler Guramasynyň synçy agzasydyr. Guramanyň düzümindäki kompaniýalarynyň işgärleriniň sany 1 milliard adamdan gowrak bolup, her 3 adamdan biri bu guramanyň düzümindäki kompaniýada zähmet çekýär.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy