DÜNÝÄJEMGYÝET

RF-nyň daşary işler ministrine gutlag haty

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň ýokary hünär ussatlygyny hem-de uly syýasy tejribesini belläp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin çuňňur minnetdarlyk, şeýle hem özara düşünişmegiň we ynamyň köpýyllyk ýörelgelerine daýanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Sergeý Lawrowa jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi

Türkmenistan-Mongoliýa: parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma