BIZNES

Resmi: Geýtsleriň maşgalasy ikä bölündi

«Microsoft»-yň esaslandyryjysy Bill Geýts 27 ýyllap bile ýaşaşansoň, aýaly Melinda bilen resmi taýdan aýrylyşdy diýip, «Business Insider» neşiri habar berýär.

Ýazylmagyna görä, 2-nji awgustda kazy Geýtsleriň nikasyny ýatyrmak barada iň soňky karara gelendigi bellendi. Öňki är-aýalyň hiç biri-de adyny we familiýasyny üýtgetmegi soramandyr. Aýralygyň beýleki sebäpleri entek belli däl.

Çaklamalara görä, bu nika bozulmasy şeýle ýagdaýlaryň dünýädäki iň gymmady bolmagy ahmal. Öňki «rekord» «Amazon» onlaýn-dükanynyň esaslandyryjysy Jeff Bezosa we onuň öňki aýaly Makkenzi Bezosa degişlidir.

Ýeri gelende aýtsak, Geýts, dünýädäki iň baý bäş işewüriň biri. Olaryň maşgala baýlygy 130 milliard dollar möçerinde bahalanýar.

Türkhowaýollary: Jemi 19 ýörite gatnaw

 

Ýene-de okaň

Amerikada zähmet çekmek wizasynda wajyp täzelik: H-1B lotereýasy ýatyrylýar

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

Balkan welaýatynda döwrebap ýyladyşhana ulanylmaga berildi

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň iri sergisi geçiriler

Gökdepe etrabynyň çäginde arassalanan agyz suwuny öndürýän kärhana açyldy

Bäherdende talh öndürýän kärhana açyldy