MEDENIÝET

Reşat Nuri Güntekiniň «Amanat giýew» eseri sahnalaşdyryldy

Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda türk dramaturgy Reşat Nuri Güntekiniň pýesasy esasynda «Amanat giýew» atly täze spektakl sahnalaşdyryldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” gazeti habar berýär.

Bu komediýany türkmen tomaşaçylary A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahnalaşdyrmagynda gowy bilýändirler. Medeniýet institutynyň üçünji ýyl talyby Döwran Joraýew ony özüçe sahnalaşdyrypdyr. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda Anastasiýa Balandinanyň ýerine ýetirmeginde haýran galdyryjy aldaw-pirimleriň baş gahrymany kezzap Rukiýa bolsa, Talyplar teatrynda baş gahryman – amanat giýew Parnak.

Talyplar teatrynyň ýaş aktýorlary türk halkynyň häsiýetini, medeniýetini we durmuşyny görkezmelidiler. Spektaklyň ilkinji görkezilişinde tomaşaçylar birnäçe gezek zaldaky şowhunly el çarpyşmalar bilen aktýorlaryň çykyşyna baha berdiler.

Gyzykly ýeri – spektaklyň sahna bezegi A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrdan alyndy. Bu ýagdaý teatrlaryň arasyndaky raýdaşlyga şaýatlyk edýär.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri