SPORT

“Real Madridiň” 34-nji çempionlygy

Germaniýanyň, Angliýanyň, Portugaliýanyň futbol boýunça milli çempionatlaryndan soňra Ispaniýanyň milli çempionatynda hem çempion belli boldy. Ispaniýanyň “Şa topary” hökmünde atlandyrylýan “Real Madrid” topary özüniň 34-nji çempionlygyny gazandy.

Koronawirus ýokanjy sebäpli arakesmeden soňra täzeden iýun aýynda badalga alan Ispaniýanyň çempionatynda “Real Madrid” topary 37-nji tapgyryň ahyrynda çempionlygyny yglan etdi. Ol çempionlyk ugrundaky esasy garşydaşy “Barselona” toparyndan aratapawudy açyp, 3 ýyldan soňra Madrid şäherine çempionlyk derejesini gaýtaryp getirdi.

37-nji tapgyryň netijeleri boýunça “Real Madrid” topary “Wilýareal” toparyny 2:1 hasbaynda utdy. “Barselona” topary bolsa “Osasuna” toparyna 2:1 hasabynda utuldy. Şeýlelikde, “Real Madrid” Ispaniýanyň futbol çempionatynda “La Ligada” 34-nji çempionlygyny gazandy.

“Real Madrid” toparynyň çempionlygy gysga setirlerde

  • Arakesmeden sonra topar 10 duşuşygyň 10-yndan hem ýeňiş gazandy. 30 utuk toplady.
  • “Real Madrid” esasy garşydaşy “Barselona” bilen gazanan kuboklaryny deňledi. Iki toparyň hem 91 kubogy bar.
  • “Real Madrid” topary 34 gezek “La Liganyň” çempiony boldy. 19 gezek Ispaniýanyň kubogyny, 11 gezek Ispaniýanyň Superkubogyny, 1 gezek Liga kubogyny gazandy. Şeýle hem topary 26 sany halkara kubogy bar: 13 gezek Çempionlar Ligagasynyň, 2 gezek UEFA-nyň Kubogynyň, 4 gezek UEFA-nyň Superkubogynyň, 3 gezek yklymara kubogynyň kubogyny gazandy.
  • Toparyň tälimçisi Zinedin Zidanyň ussatlygyny hem ýatdan çykarmak bolmaýar. 3,5 möwsümde topary bilen 11 kubok gazandy: Çempionlar ligasynda 3 ýeňiş, La Ligada 2 ýeňiş, Ispaniýanyň Super kubogy, Ýewropa Superkubogy we Klublaryň arasynda dünýä çempionatyny gazandy.

 

Ýene-de okaň

“Roma” Mohamed Salahy “Liwerpuldan” kärendesine alyp biler

Mareska “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

“Globe Soccer Awards” baýraklary gowşuryldy

Ronaldo Ýakyn Gündogaryň ýylyň iň gowy futbolçysy boldy

Ronaldo karýerasynda 14-nji gezek bir ýylda 40 gol geçirdi

“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy