SPORT

“Real Madrid”: Zidan galýar, Alaba gelýär

Häzirki wagtda Ispaniýanyň “Real Madrid” futbol topary düzüm babatynda kyn günleri başdan geçirýär. Onuň düzüminde dünýä belli birnäçe oýunçylar şikes alyp, bejeriş-sagaldyş işlerini alyp barýarlar. Mundan başga-da şu möwsümde toparyň dünýä belli baş tälimçisi Zinedin Zidanyň toparda galarmy ýa-da terk edermi diýen ýaly ençeme teswirler edildi. “Real Madrid” topary Zinedin Zidan bilen işleşmegi dowam etdirmek isleýär. Dünýäniň meşhur fransiýaly tälimçisi topary indiki möwsüm hem türgenleşdirer. “Sport Ekspress”  saýtynyň habar bermegine görä, toparyň ýolbaşçysy Florentino Peres  tälimçi Zidan hakda şeýle diýýär:

“Zinedin Zidan indiki möwsüm hem toparyň baş tälimçilik wezipesinde işlär. Men onsuz topary asla göz öňüne getirip bilemok”.

“Real Madrid” topary bu möwsümde Ispaniýanyň çempiony diýen adyny goramak isleýär. Şeýle hem bu topar 27-nji aprelde Çempionlar ligasynyň ýarym final duşuşygynda Angliýanyň “Çelsi” topary bilen duşuşar. Zidanyň topar bilen şertnamasy 2022-nji ýylyň iýun aýynda tamamlanýar.

******

Germaniýanyň “Bawariýa” futbol toparynyň we Awstriýa futbol milli ýygyndysynyň goragçysy Dewid Alaba Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynda geçmäge ýakyn. Ispan toparynyň wekilleri 28 ýaşly goragça 5 ýyllyk şertnama teklip etmäge taýýar. “Sky Sports” teleýaýlymynyň habaryna görä, Alaba “Real Madrid” toparyna geçmäge razylygyny bildiripdir. Şertnama hakda bolsa birnäçe hepdäniň içinde yglan edilmegine garaşylýar. Alaba erkin oýunçy hökmünde “Real Madrid” toparyna goşular. Dünýä belli goragçy Alaba 2010-njy ýyldan bäri “Bawariýa” toparynda çykyş edip gelýär.

 

93-nji Oskar dabarasy “TRT-2”-de göni ýaýlym berler

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Osman Dembele “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady