SPORT

“Real Madrid” – dünýäniň iň gymmat topary

Meşhur fransuz futbolçy Kilian Mbappeni düzümine goşan Ispaniýanyň “Real Madrid” topary dünýäniň iň gymmat futbol kluby boldy. Bu barada “Brand Finance” maslahat beriş kompaniýasynyň taýýarlan futbol klublarynyň reýtinginde bellenilip geçilýär.

Şol sanawa görä, “Real” toparynyň bazar bahasy geçen ýyla garanyňda, 16 göterim artyp, 1.685 milliard ýewro deň boldy. Mundan ozal, sanawda birinji orunda bolan Angliýanyň “Mançester Siti” topary 1,611 milliard ýewrolyk bazar bahasy bilen ikinji orny eýeledi. Üçünji orunda bolsa, 1,542 milliard ýewrolyk bahasy bilen Ispaniýanyň “Barselona” topary barýar.

Sanawda “Mançester Ýunaýted” topary (1.398 mlrd) we “Liwerpul” topary (1.380 mlrd) degişlilikde 4-nji we 5-nji orunlary eýeledi.

Şeýle hem ilkinji onlukda Germaniýanyň “Bawariýa”, Fransiýanyň “PSŽ”, Angliýanyň “Arsenal”, “Tottenhem” we “Çelsi” toparlary bar.

Şol bir wagtda dünýäniň iň gymmat topary bolan “Real Madrid” kluby öz düzümindäki horwat futbolçy Luka Modriç bilen bolan şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy.

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary 2023-2024-nji möwsümde Ispaniýanyň çempiony boldy hem-de UEFA Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.

Ýene-de okaň

Mergen Orazow bilen Roberto Martinez duşuşdy

Ata Watan Eserleri

20 ýyldan soňra ýene-de Lihtenşteýni ýeňdi

Ronaldonyň täze rekordy: 900 gol geçiren ilkinji futbolçy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň Ispaniýada taýýarlyk görýär

Arkadag topary: 20 duşuşyk 20 ýeňiş bilen taryhy rekord goýdy

Ata Watan Eserleri

Gazagystanda Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlary başlaýar