SPORT

“Real” bilen “Atalanta” UEFA-nyň Superkobugynda duşuşar

Şu gün gije Aşgabat wagty bilan 00:00-da UEFA-nyň Superkubogyny gazanmak ugrundaky duşuşyk geçiriler. Onda geçen ýylyň Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanan “Real Madrid” topary bilen Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazanan “Atalanta” topary duşuşar.

Duşuşyk Polşanyň paýtagty Warşawa şäherinde geçiriler. “Realyň” fransuz ýyldyzy Kilian Mbappe täze topary bilen ilkinji resmi duşuşygyna çykar.

Bu toparlar mundan ozal, 2021-nji ýylda Çempionlar ligasynyň çäklerinde duşuşypdy. Geçirilen iki duşuşykda “Real Madrid” topary üstünlik gazanypdy.

“Real Madrid” toparynyň baş tälimçisi Karlo Ançelotti Kilian Mbappeniň bu duşuşykda oýnamaga taýýardygyny belledi.

Ispan topary ýeňiş gazanan halatynda 6-njy gezek UEFA-nyň Superkubogyny gazanyp, bu arzyly kubogy 5 gezek gazanan Ispaniýanyň “Barselona” we Italiýanyň “Milan” toparyndan öňe saýlanar.

Bu üstünlik ispan toparynyň tälimçisi Karlo Ançelotti hem rekord goýmaga mümkinçilik berer. Mundan ozla, hiç bir tälimçä bu kubogy 5 gezek gazanmak başartmandy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler