DÜNÝÄ

Raýatyň jenaýat işine çekilmändigi barada kepilnama ulgamyna türkmen dili goşuldy

Türkiýe Respublikasynyň Adalat ministrligi Raýatyň jenaýat işine çekilmändigi barada kepilnama berýän maglumat ulgamynda täzelikler girizdi. Bu ulgamyň dilleriniň hataryna türkmen dili hem goşuldy. Täze goşulan dilleriň hatarynda boşnak, horwat, gazak, gyrgyz, mongol, özbek, serbiýa we täjik dilleri hem bar.

Mundan beýläk, Türkiýe Respublikasynyň Adalat ministrligi ýüz tutýan raýatlara jenaýat işine çekilmändigi barada kepilnamalary şu dillerde hem berip bilýär.

Ministrligiň berýän maglumatyna görä, Adalat ministrligi özüniň maglumat ulgamy bilen Baş prokuraturanyň garamagyndaky edaralardan, daşary ýurtlardaky wekilliklerden we e-döwlet ulgamyndan 19 daşary ýurt dilinde terjime edilen degişli kepilnama bermek işini ýola goýýar.

Ilki bilen, 4 dilde – iňlis, fransuz, german we italýan dillerinde kepilnama berlen bolsa, soňra bu dilleriň sany yzygiderli köpeldildi.

Şeýlelikde, Adalat ministrligi raýatlaryna 28 dilde hyzmat berip başlar.

Ýene-de okaň

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri