JEMGYÝET

Raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň pasporty gowşuryldy

Düýn hormatly Prezidentimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda” Permana hem-de “Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek” hakyndaky Karara gol çekdi. Bu resminamalara laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk 1530 adamyň, ýagny dünýäniň 26 milletiniň wekilleri Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, şeýle-de 315 daşary ýurt raýatlaryna,  ýagny dünýäniň 9 döwletiniň raýatlaryna we 23 milletiň wekillerine  Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlaryň köp sanlysyna pasportlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabara Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy  N.Atagaraýew, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasayr W.Hajiýew, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko,  BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik wekili Narine Saakýan, Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor we köp sanly adamlar gatnaşdy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan dabarasynda halkara guramalaryň wekilleri eden çykyşynda Türkmenistanyň raýatsyzlygyň soňuna çykmak babatda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna işjeň gatnaşyp, raýatsyzlygy bolmadyk adamlary raýatlyga kabul etmekde Merkezi Aziýada iň ýokary görkezijilere eýedigini bellediler.

Dabarada edilen çykyşlardan soňra Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary we ýaşamak üçin ygtyýarnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Raýatlara pasportlary we ygtyýarnamalary hormatly myhmanlar gatnaşmagynda berildi.

Döwletimiziň şanly Garaşsyzlyk baýramynyň belent dabaralara beslenýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer Permany we Karary esasynda Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hem-de Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň berilmegi ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi.

Soňky ýyllaryň dowamynda raýaty bolmadyk 28 müň 167 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 4 müň 438-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar