SIZDEN GELENLER

Raýatlaryň saglygy — döwletimiziň baş gymmatlygy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň baýramynyň dabaralary ähli ýerde şatlyk-şowhuna beslendi.

Türkmenistan otuz iki ýyl mundan ozal özüniň Garaşsyzlygyna eýe boldy. Türkmen taryhynyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazylan şol gün agzybirligi, watansöýüjiligi, gaýduwsyzlygy, mertligi, halallygy, danalygy, sabyrlylygy bilen dünýäde tanalan halkymyzyň şanly geljegine ýol açdy. Beýik Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýan häzirki döwrümizde ýurdumyz ähli ulgamlarda ösüşlere beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň Watanymyzy dünýäniň iň ösen, demokratik hem-de sagdyn jemgyýetli ýurtlarynyň derejesine çykarmak ugrundaky başlangyçlary barha rowaçlanýar.

Halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Sagdynlygyň hem-de rowaçlygyň ýurdy bolan türkmen döwletinde adam saglygy iň ýokary derejede saklanýar. Adam, onuň bagtyýarlygy we rowaçlygy baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrýan döwrebap merkezleriň we hassahanalaryň soňky ýyllarda döredilen ulgamy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde paýtagtymyzda Halkara pediatriýa merkeziniň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň gurluşygyna badalga berildi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, pudagyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, derman senagatyny ösdürmek maksatlaryna gönükdirilen çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaş nesil aýratyn alada bilen gurşalyp, olaryň saglygy we sazlaşykly ösüşi ugrunda mynasyp işler alnyp barylýar. Bu ugurdaky tagallalara Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Arkadag şäherinde çagalara niýetlenen binalaryň mysalynda buýsanç bilen göz ýetirip bolýar. Bu «akylly» şäherde döwrebap bilim-terbiýeçilik ojaklaryndan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşmegi örän guwandyrýan ýagdaýdyr. Galyberse-de, täze şäherde ýerleşýän häzirki zaman lukmançylyk merkezlerinde ildeşlerimize, şol sanda çagalara saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrmak boýunça giň mümkinçiliklerdir şertleriň göz öňüne tutulandygyny aýratyn bellemelidiris.

“Il saglygy — ýurt baýlygy” şygary astynda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny düýpgöter özgertmek ugrunda giň gerimli tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň 16-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda 8-9-njy oktýabrda ýurdumyzda «Türkmenistan — bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy» atly şygar bilen bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini guramagyň meýilleşdirilýändigi barada aýdylmagy ählimizde gyzgyn goldaw tapdy. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň toý-dabaralaryna özboluşly öwüşgin berer hem-de ildeşlerimize uly ruhubelentlik eçiler. Galyberse-de, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde hem-de ösdürmekde şeýle çäreleriň ähmiýetiniň uly boljakdygy şübhesizdir.

Biz ― lukmanlar bu günki gün iň döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda işleýäris. Şeýle ajaýyp iş şertlerini, giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we lukman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň janlary sag, başlary aman bolsun, işleri hemişe rowaç alsyn!

Wladimer Gurbanow, 

Myrat Garyýew adyndaky TDLU-nyň

Kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň dosenti.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri