SIZDEN GELENLER

Raýat awiasiýasynyň ösüşli ýollary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň, öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyz ösüşleriň täze belentliklerine çykýar.

Milli ykdysadyýetimiziň döwrebap derejede ösdürilmegine ulag pudagynyň hem goşýan goşandy uludyr. Bu ugurda Türkmenistanyň Ulag we aragatnaşyk toplumynda köp sanly iri taslamalar amala aşyrylýar. Şol sanda, Aşgabat Halkara howa menzilinde täze angar toplumy gurulýar, Jebelde täze howa menziliniň we Serhetabat-Turgundi türkmen-owgan demir ýol şahasynda demir ýol köprüsiniň gurluşygy dowam edýär.

Ýurdumyzyň ulag pudagynyň düzümleriniň dörebap derejede ösdürilýän döwründe raýat awiasiýa ulgamynda hem oňyn ösüşler gazanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny gyşarnyksyz ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak barada yzygiderli alada edýändigi netijesinde, häzirki wagtda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň awiasion parkynyň üsti dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň uçarlarynyň hem-de dikuçarlarynyň hasabyna ýetirilýär. Soňky ýyllarda onuň üsti özüni iň gowy tarapdan görkezen “Boing” uçarlary we dünýäde meşhur beýleki tehnikalar bilen ýetirildi.

Döwletimizde raýat awiasiýa pudagyny ösdürmek baradaky işler durmuşa geçirilende «2012 — 2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alynýar. Maksatnamada täze howa menzilleriniň gurluşygyny hem-de ozal hereket edýänleriniň, beýleki degişli desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi we ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy, häzirki zaman uçarlarynyň we beýleki zerur tehnikalaryň satyn alynmagy, täze halkara ugurlarynyň açylmagy, şeýle hem ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy ýaly wezipeler kesgitlenýär.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Lebap welaýatynyň administratiw merkezi – Türkmenabat şäherinde halkara howa menzili işe girizildi. 2010-njy ýylyň aprel aýynda Hazarýaka şäher – Türkmenbaşy şäherinde halkara howa menzili açyldy. Aşgabat halkara howa menziliniň täze toplumy 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanylmaga berildi.

2021-nji Kerki şäherinde ýene bir halkara howa menzili guruldy, ol içerki raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeldip, howa ýük daşamalarynyň we ýolagçy gatnawlarynyň işjeňleşdirilmegini üpjün edýär.

Umuman, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ulag pudagyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn strategiýanyň aýrylmaz bölegi – içerki we halkara ugurlary boýunça ýolagçy we ýük daşamalarynda möhüm orun eýeleýän Watanymyzyň raýat awiasiýasynyň infrastrukturasyny kämilleşdirmekden we täzelemekden ybaratdyr. Ýurdumyzda bu ugurda anyk, yzygiderli ädimler ädilýär.

Bu pudakda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän gerimli meýilnamalaryň aýrylmaz bölekleri: uçuş, inžener-tehniki we dolandyryş işgärlerini taýýarlamak, maddy binýadyny enjamlaşdyrylmagynyň tehnologiki derejesi we içerki raýat awiasiýasynyň awiaparkynyň täzelenmegi, oňa içerki we halkara ugurlarda ýolagçy we ýük daşamalarynda ähmiýetli orun berilýär.

Milli ykdysadyýetiň ösüşindäki häzirki zaman ugurlary, şeýle hem raýatlaryň abadançylygynyň ýokarlanmagy täze içerki we halkara howa uçuşlarynyň açylmagyny talap edýär, üstesine-de, türkmen howa ýollarynyň tehniki enjamlaşdyrylmagy we häzirki zaman parky muny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Watanymyzyň awiasiýasynyň ösüşi – häzirki döwürde gaty möhüm mesele. Ol milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna we segmentlerine, köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň we köp derejeli halkara gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryna: uly syýasatdan adaty adam gatnaşyklaryna çenli degişlidir. Ol durmuşy pudaga, halkyň ýaşaýyş derejesine, ýurduň her raýatynyň öz-özüni ýerlemek üçin iň gowy şertleriň döredilmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Umuman aýdanyňda, ýokary tehnologiýaly, ylmy we maýany köp talap edýän pudak hökmünde raýat awiasiýasy, bir tarapdan, jemgyýetiň we ykdysadyýetiň innowasiýa taýdan ösüşiniň netijesi, beýleki tarapdan bolsa onuň görkezijisi bolup durýar.

Nursähet Dinmädow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

“Howa ulagynyň ulanyşy” kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri

Awaza – dostluk mekany

Awaza – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

Awaza forumy – hyzmatdaşlygyň möhüm meýdançasy