DÜNÝÄ

Putin Koreýanyň Liderine “Aurus” awtoulagyny sowgat berdi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 18-19-njy iýunda Demirgazyk Koreýada döwlet saparynda boldy. Bu saparyň çäklerinde Wladimir Putin Demirgazyk Koreýanyň Lideri Kim Çen Yna Russiýada öndürilýän “Aurus” kysymly kaşaň awtoulagy sowgat berdi. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow habarçylara beren beýanatynda habar berdi.

– Döwlet Baştutanlary özara sowgat alyp berdiler. Biz “Aurus” kysymly awtoulagy sowgat berdik – diýip, Uşakow belläp geçdi.

Wladimir Putin Demirgazyk Koreýanyň Lideri Kim Çen Yny 2023-nji ýylyň sentýabrynda Russiýa amala aşyran saparynda “Aurus” kysymly awtoulag bilen tanyşdyrypdy. Şu ýylyň fewralynda Demirgazyk Koreýanyň Lideri Kim Çen Yna bu marka awtoulag sowgat berlipdi. Demirgazyk Koreýanyň Lideri Russiýanyň wekilçilikli kaşaň awtoulagyny sowgat alan ilkinji liderdir.

“Aurus” – Russiýanyň wekilçilikli awtoulag markasydyr. Ol esasan hem, Russiýanyň Prezidentiniň, hökümet agzalarynyň resmi awtoulagy hökmünde ulanylýar. Russiýanyň Prezidenti hem ýurduň çäginde we daşary ýurt saparlarynda bu awtoulagdan peýdalanýar.

Şeýle hem Russiýa gelýän daşary ýurtly döwlet Baştutanlaryna sapary dowamynda bu awtoulag üpjün edilýär.

Şu ýylyň maýynda Russiýanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasynda “Aurus” kysymly awtoulagyň täze görnüşi tanyşdyrylypdy.

Ýene-de okaň

Putin we Pezeşkian Aşgabatda duşuşdy

Türkmenistan çagalaryň saglygyny goramak üçin ählumumy halkara hyzmatdaşlyk guralyny döretmegi teklip etdi

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Kataryň döwlet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Premýer-ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

Azerbaýjanyň Premýer-ministr Ali Asadow Aşgabada geler