DÜNÝÄ

Putin bilen Tramp 15-nji awgustda Alýaskada duşuşar

Russiýanyň we ABŞ-nyň Prezidentleri Wladimir Putin hem-de Donald Tramp 15-nji awgustda Alýaskada duşuşyk geçirerler diýip, rus lideriniň kömekçisi Ýuriý Uşakow žurnalistlere aýtdy.

“Amerikan tarapy 15-nji awgustda, anna güni, Russiýanyň we ABŞ-nyň Prezidentleri Wladimir Putin bilen Donald Trampyň Alýaskada duşuşygyny gurnamak barada ylalaşyga gelnendigini mälim etdi. Russiýa bilen ABŞ — ýakyn goňşy döwletler, biri-biri bilen araçäkde ýerleşýär. Şonuň üçin biziň wekilivetimizi[ diňe Bering bogazynyň üstünden uçup geçmegi we şeýle möhüm hem-de garaşylýan sammitiň Alýaskada geçirilmegi örän ýerlikli bolýar” diýip, Kreml wekili aýtdy.

Şeýle hem, Donald Tramp 15-nji awgustda Alýaskada rus kärdeşi bilen duşuşmagy göz öňünde tutýandygyny belläp geçdi. Amerikanyň Prezidenti degişli habary “Truth Social” sosial ulgamynda ýerleşdirdi. Bu, Trampyň 2025-nji ýylyň ýanwarynda Ak Tama dolanaly bäri ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygy bolar.

7-nji awgustda Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow Russiýa bilen ABŞ-nyň ýakyn günlerde iki ýurduň liderleriniň duşuşygyny geçirmek boýunça ylalaşyk gazanandygyny aýtdy. Şol günüň özünde Wladimir Putin Tramp bilen duşuşyga taýýarlygy tassyk edip, ikitaraplaýyn duşuşyga gyzyklanmanyň özara bardygyny nygtady.

Duşuşyga degişli beýannamalar ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili Stiwen Uitkoffyň 6-njy awgustda Moskwa eden saparyndan soň mälim edildi. Ol ýerde Amerikanyň wekili Pezident Wladimir Putin bilen duşuşdy. Duşuşyk takmynan üç sagat dowam etdi.

Ýene-de okaň

Putin Alýaska sapar eden ilkinji rus lideri bolar

Azerbaýjan bilen ABŞ strategik hyzmatdaşlygyny ösdürer

Awaza forumy üstünlikli jemlendi

Türkmenistan bilen UNCTAD “akylly” gümrük boýunça hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan we Efiopiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanýar

Türkmenistan bilen Butanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy