DÜNÝÄ

Putin Alýaska sapar eden ilkinji rus lideri bolar

Russiýa Federasiýasynyň Prezident Wladimir Putin Alýaska sapar bilen baran ilkinji rus lideri bolar. Bu barada rus metbugaty habar berdi.

Bellenilişi ýaly, şu wagta çenli hiç bir Russiýanyň Pprezidenti bu Amerikanyň ştatyna barmandyr.

Statistiki maglumatlara görä, bir amerikaly ömründe ortaa on ýarym ştaty zyýarat edýär, emma her onunjy adam hiç haçan öz ştatynyň çäginden çykmaýar we diňe ABŞ ýaşaýjylarynyň 12%-i Alýaskada bolupdyr.

Russiýanyň Prezidenti iň soňky gezek ABŞ-a 2015-nji ýylda barypdy.

Putin bilen Trampyň duşuşygy 15-nji awgustda Alýaskada bolar.

Russiýanyň Lideriniň kömekçisi Ýuriý Uşakow bu maglumaty tassyklady. Onuň aýtmagyna görä, duşuşygyň ýerine geografik taýdan iki ýurduň ýakynlygy sebäp bolupdyr.

Ýene-de okaň

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy