SPORT

“PSŽ” topary ilkinji gezek finalda

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde ýerleşýän «PSŽ» topary özüniň taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň final tapgyrynda oýnamaga hukuk gazandy. Bu topary ýarym final duşuşygynda Germaniýanyp “Leipsig” toparyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy. 2011-nji ýylda “Qatar sports Investments” tarapyndan satyn alnan “PSŽ” topary ilkinji gezek final duşuşygy üçin taýýarlanýar.

“PSŽ” toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe üçin bu final duşuşygy onuň karýerasyndaky ilkinji final bolar. Toparyň beýleki bir güýçli hüjümçisi Neýmar hem-de ýarymgoragçy Anhel Di Mariýa üçin bolsa bu ikinji final bolar. Bu iki futbolçy ozal başga toparlaryň düzüminde bu arzyly kubogy eýelemegi başarypdy.

“PSŽ” topary ozal Ýewropa kubok ýaryşlarynyň final tapgyrynda oýnapdy. 1996-njy ýylda Ýeňijileriň kubogynyň ýaryşynda finalda “Rapid” toparyny ýeňipdi.

“PSŽ” topary 23-nji awgustda Çempionlar ligasynyň finalynda “Bawariýa” bilen “Lion” toparlarynyň arasyndkay duşuşygyň ýeňijisi bilen oýnar.

ŞEÝHLERIŇ ARZUWY HASYL BOLDY

Katarly şeýhlere degişli bolan «PSŽ» topary ahyr soňunda Çempionlar ligasynyň finalyna çykmagy başardy. Munuň üçin katarly maýadarlar 9 ýylyň dowamynda 3 milliard ýewro sarp etdiler.

Şeýhleriň döwründe “PSŽ” toparynyň Çempionlar ligasynda gazanan netijeleri:

2012/13: 1/4 finala çykdy.

2013/14: 1/4 finala çykdy.

2014/15: 1/4 finala çykdy.

2015/16: 1/4 finala çykdy.

2016/17: 1/8 finala çykdy.

2017/18: 1/8 finala çykdy.

2018/19: 1/8 finala çykdy.

Topar bu üstünlige ýetmek üçin 2011-nji ýyldan bäri näçe sarp etmeli boldy?

2011/12: 95,8

2012/13: 110,8

2013/14: 109,4

2014/15: 49.5

2015/16: 114

2016/17: 136

2017/18: 238

2018/19: 227

2019/20: 95

Jemi: 1,2 milliard ýewro

2011-nji ýyldan bäri bolsa topar futbolçylarynyň zähmet haky üçin hem 2 milliard ýewro sarp etmeli boldy.

«PSŽ» toparyny bu finala çykarmak üçin satyn alnan futbolçylar:

  1. Neýmar – 222 million ýewro
  2. Mbappe – 145 million ýewro
  3. Kawani – 64,5 million ýewro
  4. Di Mariýa – 63 million ýewro
  5. Dawid Luiz – 49,5 million ýewro
  6. Týago Silwa – 42 million ýewro
  7. Pastore – 42 million ýewro
  8. Lukas Mora– 40 million ýewro
  9. Parades – 40 million ýewro
  10. Kerrer – 37 million ýewro

Ýene-de okaň

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Osman Dembele “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy