DÜNÝÄ

Prezident Serdar Berdimuhamedow Binali Ýyldyrymy kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentini 12-nji martda geçirilen prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi we wezipä girişmegi bilen gutlap, iň ýokary döwlet wezipesindäki giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özüniň türk kärdeşine iň oňat arzuwlaryny aýtdy we doganlyk türki dilli döwletler, şol sanda Türkiýe Respublikasy bilen hyzmadaşlygyň giňeldilmeginiň döwletimiziň daşary syýasat doktrinasynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakynda geçirilen möhüm jemgyýetçilik waka bolan prezident saýlawlaryna Türki Döwletleriň Guramasynyň synçy hökmünde gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini hem-de Türkiýe hakyky dost, ygtybarly hyzmatdaş, sebit we halkara syýasatynyň köp möhüm meselelerini çözmekde pikirdeş hökmünde garaýandygyny belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijelidigini kanagatlanma bilen belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly Il Ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy.

Mälim bolşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym şu ýylyň 10-njy martynda hem Türkmenistanda saparda bolupdy.

 

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýeti Gazagystanda iş saparynda bolar

Ýene-de okaň

Ses bermek dowam edýär

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler