JEMGYÝET

Prezident saýlawlary: Ses bermek dowam edýär

Türkmenistanda Prezident saýlawlary dowam edýär. Türkmenistanda akkreditirlenen halkara metbugat wekilleri saýlawlaryň geçirilýän saýlaw uçastoklarynda bolup, saýlawlaryň geçirilişi barada fotosuratlar we wideoýazgylar etmäge mümkinçilik aldylar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň gatnaşmagyndaky daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetindäki saýlaw uçastoklarynda boldular.

Soňky maglumatlara görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 9-a çenli saýlawçylaryň 25,24% ses berdi.

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 25,03%, Balkan welaýatynda 27,40%, Daşoguz welaýatynda 25,68%, Lebap welaýatynda  24,37%, Mary welaýatynda 24,64%, Aşgabat şäherinde 25,78% ses berdiler.

Ses bermek dowam edýär.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses bermek başlandy!

Ýene-de okaň

2025-2027-nji ýyllarda Arkadag Medisina klasteriniň birinji tapgyry gurlar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Ýapon ilçisi: Türkmenistanda ýapon dilini öwrenýänleriň sany ep-esli artdy

Türkmenistanda daşary ýurt hukuk diplomlaryny ykrar etmegiň tertibi täzelendi

Ata Watan Eserleri