JEMGYÝET

Prezident Mohammad Aşraf Gani Aşgabada resmi sapar bilen geldi

Şu gün agşam Owgan Yslam Respublikasynyň Prezidenti türkmen paýtagtyna resmi sapar bilen geldi. 21-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçiriler.

Ýokary derejede geçiriljek bu duşuşyk iki ýurduň hyzmatdaşlygyny berkitmegiň we ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüler. Iki döwletiň halklaryny bolsa köpasyrlyk dostluk däpleri, taryhy kemala gelen ruhy-medeni gatnaşyklar birleşdirýär.

Milli Liderimiziň 15-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyz bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklar işjeňleşdi hem-de hil taýdan täze derejä çykdy.

Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitlere hem-de sebitde we dünýäde umumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän netijeli strategiýany durmuşa geçirýändigini belledi.

Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurduň ykdysadyýetini we durmuş düzümini dikeltmäge gönükdirilen anyk ädimleri teklip edýär.

Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda we beýleki wekilçilikli halkara forumlarda öňe süren döredijilikli başlangyçlary, şol sanda TOPH gaz geçirijisini gurmak baradaky başlangyjy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu giň möçberli taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi dünýäde energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmäge saldamly goşant bolar hem-de goňşy döwletde wajyp durmuş meselelerini, şol sanda täze iş orunlaryny döretmek meselesini çözmäge ýardam eder.

Ägirt uly kuwwata eýe bolan ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hem möhüm ähmiýete eýedir. Geljekde munuň özi Owganystana sebit we halkara möçberinde ulag-üstaşyr gatnawlar ulgamyna birikmäge hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna goşulyşmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistan parahatçylyga we ylalaşyga ymtylmak babatda doganlyk owgan halkyna raýdaşlyk bildirmek bilen, mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn goldaw we zerur bolan ynsanperwer kömegini berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Garaşylyşy ýaly, nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleriniň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň — ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde gatnaşyklar bilen bagly meseleleriň giň topary giriziler. Iki ýurduň Baştutanlary ozal gazanylan ylalaşyklary we uzakmöhletleýin mümkinçilikleri nazara almak bilen söwda-ykdysady, energetika hem-de üstaşyr-ulag ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Ozal bellenilişi ýaly, giň gerimli düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berler, şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamalary bolar, şeýle-de halkara ulag geçelgeleriniň has-da ösdürilmegine aýratyn üns berler. Serhetabat — Turgundy hem-de Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýollary şolaryň bir bölegine öwrüldi. Milli Liderimiziň başyny başlan bu taslamalarynyň geoykdysady we geosyýasy ähmiýeti dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Munuň özi BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň geçen ýyl kabul eden Kararnamasynda öz beýanyny tapdy.

Ynsanperwer kömegi türkmen-owgan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Owganystana elektrik energiýasyny we suwuklandyrylan gazy ýeňillikli bahadan ibermek hem-de dürli ynsanperwer ýüklerini muzdsuz ugratmak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça ýurdumyz goňşy döwletde durmuş maksatly desgalary, hususan-da, saglygy goraýyş we bilim edaralaryny gurýar. Şeýle hem owgan ýaşlary Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde dürli hünärler boýunça bilim alýarlar.

Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça gadymdan gözbaş alýan dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklary bilen bagly bolan iki döwletiň we halklaryň arasynda netijeli syýasy gatnaşyklary has-da ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berjek möhüm resminamalaryň bukjasyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri