JEMGYÝET

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Taryhy-medeni kökleri bir bolan doganlyk halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine hoşniýetli gatnaşyklarymyzyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyna şatdyryn. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

Related posts

Halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglandy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystana sapary: iri logistika merkezi dörediler

Si Szinpin döwlet sapary bilen ABŞ-a bardy