JEMGYÝET

Prezident Ärdogan «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medal bilen sylaglandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, hususan-da ýakyn günlerde geçiriljek möhüm ähmiýetler çäreler barada pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly şu günler Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimli çäreler geçirilýär. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem türki halklarynyň hem şahyrydyr.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän dabaralara Türkiýäde-de uly gyzyklanma bildirilýändigini aýratyn nygtady we ýakyn wagtda Aşgabatda geçiriljek şahyryň ýubileýine bagyşlanan halkara forumyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragy ýyly hem-de ýurdumyzyň taryhy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilendigini aýdyp, doganlyk ýurduň paýtagty Ankara şäheriniň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän seýilgähde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň oturdylmagynyň buýsandyryjy ýagdaýdygyny kanagatlanma bilen belledi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň bu ugurda bitiren hyzmatlarynyň hem-de türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň arasynda dost-doganlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň doganlyk ýurduň Baştutanyny «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglaýandygyny habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýubileý medaly bilen tüýs ýürekden gutlap, beýik akyldar şahyrymyza we türkmen medeniýetine goýýan sarpasy üçin Türkiýäniň Prezidentine we doganlyk türk halkyna minnetdarlyk bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň adyndan Emine Ärdogana salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen ata Watany Türkmenistana gelip görmäge garaşýandygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda saglygy goraýşyň täze merkezleri açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen diasporasynyň wekilleri bilen duşuşyk

Saglyk, bilim we sport ulgamynda halkara sergi geçirilýär

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistana geler

Wladimir Putin: GDA döwletleri Russiýanyň strategik hyzmatdaşlarydyr

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri