BILIM

«Preýektirlemegiň esaslary»: orta mekdeplerdäki täze ders

Şu okuw ýylyndan başlap, mekdep okuwçylarynyň çalt üýtgeýän daşky gurşawda özüniň mynasyp ornuny tapmagyny gazanmak maksady bilen, 8-9-njy synplaryň okuw meýilnamasyna bilimiň «Tehnologiýa» ylmy ugrunda «Proýektirlemegiň esaslary» atly täze okuw dersi girizildi.

«Türkmenistan» gazetinde Milli bilim institutynyň wekili Begnazar Geldiýewiň maglumat berşi ýaly, tejribeli usulyýetçi alymlaryň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda bu dersiň okuw maksatnamasy işlenilip düzüldi. Okuw maksatnamasynyň esasynda bu ders boýunça döwrebap okuw kitaby taýýarlanylyp, ol köpçülikleýin neşir edildi hem-de mekdeplere ýetirildi. Bu dersi okatjak mugallymlar üçin her bir temany öwretmegiň usulyýeti barada usuly maglumatlary beýan edýän wideoýazgylar toplumy — ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, usulyýetçi alymlaryň çykyşlarynyň ýazgylary taýýarlanyldy we bilim işgärlerine hödürlenildi.

«Proýektirlemegiň esaslary» dersi beýleki okuw dersleri ýaly, okuwçynyň durmuşda aň-düşünjesini, başarnygyny, tehniki, kompýuter we pikirleniş endiklerini döretmäge hem-de giňeltmäge ýardam eder. Şeýle-de ol okuwçynyň tehniki döredijilik ukybyny oýarmaga we ýönekeý grafiki resminamalary kompýuteriň kömegi bilen düzmegi başarmaga hem-de olary okamak arkaly durmuşda peýdalanmaga ýardam eder.

Ýene-de okaň

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy