TEHNOLOGIÝA

Prefiksler we Suffiksler : Makul Sözlük hödürleýär!

Iňlis dili söz düzümi boýunça dünýäde iň baý dilleriň biri hasaplanýar.  Bu diliň sözlük gory düýp sözlere – atlara, işliklere, sypatlara … söz ýasaýyjy goşulmalaryň, ýagny prefiksleriň (lat. prae – öňünden, fixus – goşundy)  – asyl sözleriň öňünden goşulýan söz üýtgediji goşulmalaryň, suffiksleriň – düýp sözleriň yzyna goşulmagy arkaly artdyrylýar. Meselem, daşary ýurtly alymlaryň maglumatlaryna görä, 20 sany prefiksler we 14 sany düýp sözüň toplumynyň manylaryny dogry bilmek arkly 100.000-den-de (!)  köpräk sözüň  manysyna düşünmek bolýar. Şeýle makalalaryň ýene birinde 29 sany prefiksleriň we 25 sany düýp sözleriň toplumdan  125.000-den-de (!) gowrak sözüň manysyna göz ýetirmek bolýar. Eger suffiksler goşulsa, näçe söz emele geljegini göz öňüne getirip görüň! Bu usul iňlis dilini öwrenijilere, talyplara, mugallymlara we dil bilen gyzyklanýan beýleki  toparlara söz baýlygyny çalt we ygtybarly artdyrmaga ýardam berer.    Iňlis dilindäki prefiksleriň aglaba böleginiň asyl nusgalary latyn, şeýle hem ispan, fransuz, italýan we grek dillerinden emele gelendir.

Iňlis dilini öwrenýänler üçin wajyp platforma öwrülip barýan Makul Sözlük platformyna filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amangeldi Amangeldiýew tarapyndan taýýarlanylan 113 sany prefiksleri we 86 sany siffiksleri Size ýetirýäris.  Bu Prefiksler we Suffiksler www.makulsozluk.com saýtynyň Intellektual sahypasyna ýerleşdirildi. Intellektual sahypamyzda şeýle hem birnäçe bölümler bolup, bu bölümleriň üsti bilen Iňlis dilini has aňsat we gyzykly öwrenip bilersiňiz!

Makul Sözlüge Prefiksler we Suffiksler aýratynlykda berilýär we olaryň manysy düşündirilýär we sözlem içinde mysallar bilen has aňsat öwrenmek üçin ulanyja ýetirilýär.

Makul Sözlük Prefiksler bölümi üçin şu ýere basyň!

Makul Sözlük Suffiksler bölümi üçin şu ýere basyň!

 

https://makulsozluk.com/2021/05/24/yetilen-sepgit-16-000-maksat-20-000/

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2024»: maglumat tehnologiýalary üçin täze mümkinçilikler açýar

Ata Watan Eserleri

“Nvidia” – dünýäniň iň gymmatly brendi

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler

“TikTok”-yň esaslandyryjysy Hytaýyň iň baý adamy boldy