SIZDEN GELENLER

Porscheniň üstünliginiň aňyrsynda ýatan hakykat

“Geçmişden geljege üstünligiň hekaýalary” atly kitapdan bölekleri size ýetirmäne başlaýarys. Ilkinji hekaýamyz Porscheniň üstünligi barada…

Porsche kompaniýasy, 1983-nji ýylda awtomobil pudagynda hemmelere elýeterli bolan tehniki üpjünçilikli ulaglaryny satuwa çykardy.

Müşderilerden gelýän her dürli teklibe we pikirlere açyk bolan kompaniýa ulagyň satuwa çykarylanyndan 2 aý soňra täsin bir arza haty gelýär.

Hatda şeýle jümleler bar.

“ Men Danny Troatman.

New Jersde ýaşaýaryn. Aýalym we çagalarym bilen her gün agşam kino tomaşa etmezimizden öň şäheriň merkezinde ýerleşýän dükana doňdurma almaga gidýärin. Elbetde, bir aý mundan öň alan Porsche ulagym bilen. Emma gyzykly ýeri, haçan şokoladly ýa-da miweli doňdurma alyp, ulagyma münsem, maşyn işlemeýär. Ýöne wanilinli doňdurma alan wagtym, ulagym wagty bilen işleýär. Men muny birnäçe gezek syn etdim we her gezekde şol bir ýagdaýa duçar boldum.

          Kömegiňiz üçin öňünden sag boluň”.

Adatça kompaniýalaryň köpüsi beýle hatlary hasaba alyp, çynlakaý çemeleşmez. Emma ýok! Porsche kompaniýasyndaky hünärmenler gyssagly ady agzalan şähere bir inŽener ugradýarlar we sebäbini tä anyklaýança şol ýerde ýaşamagy tabşyrýarlar.

Ertesi gün inŽener New Jerse baryp, jenap Troatman bilen görüşýär we derrew işe girişýär. Şol gijede başlap kompaniýanyň inŽeneri jenap Troatmanyň ulagyna münüp bile dükana doňdurma almaga gidýär.

Hakykatdanam, şokoladly we miweli doňdurma alnan wagtynda ulag sürlenok, wanilinlisini alsaň welin ulag sürülýär. InŽener ilkibada geň galýar, emma bu ýerde gudratyň däl-de, ylmy syryň barlygyna ynanýar. Bir aýlap jenap Troatman bilen dükana gatnan inŽener, ahyry bu ýagdaýyň sebäbini anyklaýar.

Porsche ulaglarynyň täze kysymlarynda ulanylan sowadyjy ulgamy, ulag saklanandan soň tiz wagtdan işläp başlaýar we motor sowuk ýagdaýa gelýänçä, ony gulplaýar.

Iň köp satylýan doňdurma wanilinli bolany üçin jenap Troatman nobata durup doňdurmasyny alynça geçen wagt, motoryň sowamagy üçin ýeterlik bolýar.

Emma şokoladly we miweli doňdurma üçin onça kän nobatyň bolmandygy sebäpli, derrew alyp, ulagyna dolanýar. Motor bolsa sowaýança gulply bolany üçin ulag işlemeýär. InŽener bu ýagdaýyň beýanyny kompaniýa ugradýar.

Satlyga çykarylan ulaglaryň ählisi yzyna alnyp, gerekli düzedişler girizilýär we müşderilere has gowy ýagdaýda hödürlenýär.

Görşümiz ýaly, müşderä we müşderiniň arz-şikaýatyna üns bermegiň netijesinde üstünlik ýene kompaniýanyň özüne we müşderilere bolýar. Her haçan hyzmat edýän müşderileriňizi üns bilen diňläň. Çözülen her meseläniň netijesinde haryt we hyzmatlarymyzda bir üstünlik bize garaşýandyr.

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk