SIZDEN GELENLER

Pomidor agajy

Gündelik durmuşymyzda esasy azyk önümi hökmünde giňden ulanylýan  pomidoryň diňe bir otjumak görnüşi däl-de, eýsem edil beýleki miweli baglar ýaly agaç görnüşi hem ösýär. Pomidor agajynyň watany günorta we merkezi Amerika hasaplanylýar.

Ýabany görnüşde Braziliýada, Peruda, Çilide, Ekwadorda duşýar. Ylmy çeşmelerde bu pomidor agajy “Sprut F1” diýlip hem atlandyrylýar. Pomidoryň salkym görnüşli ýetişýän sortundan birnäçe ylmy gözleg işleriniň netijesinde sapma arkaly döredilen bu sort özüniň çal ösýänligi, daşky täsirlere çydamlylygy, köp hasyllylygy bilen tapawutlanýar. Bu pomidor agajynyň 50 inedördül metrinden 1,5 tonna golaý hasyl almaklyk bolýar, bu bolsa her bir inedördül metrden 30 kilogram pomidor hasylyny alyp bolýandygyny görkezýär. Onuň 5-6 sany miwesiniň agramy 100-110 gram möçberinde bolup, miwesiniň diametri ortaça 3-8sm töweregidir. Beýikligi 4-5 metr, ýaşaýyş dowamlylygy 15 ýyla çenli ýetip bilýär.

 

Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Mukaddes bedew – milli mirasymyz

Ýylyň şygary – üstünlikleriň açary

Ýylyň şygary — täze ýeňişlere badalga

2026-njy ýylyň şygary – üstünlikleriň gözbaşy

Saglyk ömrüň girewidir

Mekdep okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirilýär