SPORT

Pol Pogba dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmeýär

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Ýuwentus” toparynyň futbolçysy Pol Pogba Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmeýär.

29 ýaşyndaky futbolçynyň resmi wekili Rafale Piment Pogbanyň geçiren operasiýadna soňra täzeden öz saglygyna gowuşmagynyň zerur bolup durýandygyny belledi. Ol sentýabr aýynda operasiýa geçiripdi.

Pogba 2013-nji ýyldan bäri Fransiýanyň düzüminde çykyş edip gelýär. Ol bu ýygyndynyň düzüminde Russiýada 2018-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşyp, çempion bolupdy. Şeýle hem Pogba Fransiýanyň ýygyndysy bilen 2021-nji ýylda Milletler ligasynda ýeňiji bolup, 2016-njy ýylda Çewropa çempionatynda kümüş medalyň eýesi boulpdy.

Related posts

Türkmen türgenleri 10 aýda 341 medal gazandy

“Şahtýor” 16-njy gezek Ukrainanyň çempiony boldy

Türkmen türgeniniň Meksikadaky üstünligi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment