SIZDEN GELENLER

Poçta kepderiler öz ýollaryny nädip tapýarlar?

Kepderiler bilen poçta hyzmatlarynyň amala aşyrylmagy öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Ony biziň eýýamymyzdan öň müsürli we grek deňiz ýüzüjiler hem ulanypdyrlar. Şeýle hem poçta hyzmaty arkaly olar öýlerine habar ýollapdyrlar.

Kepderileri poçta hyzmaty üçin ulanmak maksady bilen olaryň arasynda ýörite tohumlaryny saýlap alypdyrlar. Olar aýratyn çydamlylygy we sebite gitmek ukyby bilen tapawutlanýar. Ýöne olar nirä uçmalydygyny nädip bilýärler?

Hat ibermek üçin ilki bilen kepderini iberijä bermeli. Bu guşlaryň höwürtgesine, ýagny öýüne gaýdyp gelmek üçin dogabitdi ukyby bar. Guşlar üçin esasy salgylanma nokatlarynyň biri Gün bolup durýar. Gün bulutlaryň aňyrsynda gizlenen bolsa, polýarlaşan ýagtylyk görünýär. Käbir alymlar guşlaryň sebitiň geografiki koordinatlaryny hem kesgitläp biljekdigini öňe sürýärler.

Şeýle hem kör kepderileriňem öz ýollaryny tapýandygy mälimdir. Bu ýagdaýda gowy ys duýgusy olara kömek edýär we tanyş ýeriň ysyna uçýarlar.

Mundan başga-da, kepderiler uzak aralyga uçuşlarda 0.06 Gs infrasesleri kabul etmek mümkinçiligine eýedir. Pes sesler uzak aralyklara gidýändigi sebäpli, geçip barýan awtoulaglaryň sesi uzakdan eşidiş gollanmasy bolup biler. Kepderiler tanyş ýerlere uçanda, içerki karta eýýäm ugrukdyrylýar. Galyberse-de, höwürtgäniň töweregini jikme-jik ýada salýarlar.

Begenç Berdimyradow, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.

 

Oba hojalygynda möhüm döwür

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika