SPORT

Pirlonyň 1-nji, “Ýuwentusyň” 9-njy Superkubogy

Italiýanyň güýçli toparlaryndan “Ýuwentus” topary 9-njy gezek ýurduň naýbaşy kubogyny gazandy. Italiýanyň Superkubogyny gazanmak ugurndaky ýaryşyň finalynda “Ýuwentus” bilen “Napoli” toparlary duşuşdy.

“Ýuwentus” topary Kristiano Ronaldonyň hem-de Alwaro Moratonyň gollary bilen kubogy gazandy. Bu toparyň tälimçisi Andrea Pirlo bolsa tälimçilik wezipesindäki ilkinji kubogyny gazandy.

“Ýuwentus” topary Italiýanyň Superkubogyny 9-njy gezek gazandy. Bu arzyly kubogy “Milan” topary 7 gezek, “Napoli” topary 2 gezek gazanypdy.

Mälim bolşy ýaly, “Ýuwentus” topary 2019-2020-nji ýyllarda “Seria A” çempionatynda çempion bolupdy. “Napoli” topary bolsa Italiýanyň Kubogyny gazandy.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Ata Watan Eserleri