Dünýä energiýa senagatyna öňdebaryjy hyzmatlary berýän “Petrofac” kompaniýasy Türkmenistandaky “Galkynyş” gaz käni boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni bilen amallar boýunça şertnama baglaşdy. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.
ABŞ-nyň 200 million dollaryndan gowrak bahasy bolan üç ýyllyk şertnama şulary öz içine alýar: amallara we tehniki hyzmat işlerine gözegçilik we goldaw bermek üçin işgärleri üpjün etmek; tehniki goldaw we satyn alyş hyzmatlaryny bermek; “Galkynyş” gaz käniniň merkezi gaýtadan işleýän desgalarynyň 1 we 1A-nyň netijeli işlemegini goldamak üçin dolandyryş ulgamlaryny ösdürmek we ornaşdyrmak.
– “Petrofac” kompaniýasynyň “Türkmengaz” döwlet konserni bilen hyzmatdaşlyk etmekde baý tejribesi bar. Gatnaşyklarymyzyň giňeldilmegi biziň tejribemiziň aýdyň subutnamasydyr. Şu ylalaşylan şertnama hem biziň strategiýamyzyň giňeldilýändigini görkezýär. Biz geljekde hem “Türkmengaz” döwlet konserni bilen amallaryň yktybarlygy we howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlyk etmegi umyt bildirýäris – diýip, “Petrofac” kompaniýasynyň ygtyýarly wekillerinden Nik Şorten belläp geçdi.