JEMGYÝET

Perzentlerine ulaglaryň adyny dakdylar

ABŞ-nyň Maglumatlary hasaba alyş merkezi dünýä jemgyýetçiligine täsin bir maglumaty ýetirdi. Merkeziň habar bermegine görä, soňky ýyllarda perzentlerine awtoulaglaryň adyny dakýan amerikalylaryň sany has köpelýär. «Motor» neşiriniň habar bermegine görä, ýurtda erkek çagalara iň köp dakylýan atlaryň biri Bentleý bolup, gyz çagalara Leksus ýa-da Tesla atlaryny dakmak ýoň boldy.

Ýurtda «awtoulag atlar» ýoňy öz gözbaşyny 2000-nji ýyldan alyp gaýdýar. Aýdylyşyna görä, şol ýyl ýurtda 42 388 Bentleý, 29 Nissan we Ýaguar, 7 Mersedes, 6 Kadillak we 5 sany Subaru dünýä inipdir. Soňky 20 ýylyň içinde bolsa 2910 gyz perzende Leksus ady dakylypdyr. Şeýle hem 20 ýylda 2209 snay Bentleý, 1395 sany Tesla dünýä indi.

Şeýle ýoň diňe amerikalylara mahsus däl. Geçen 20 ýylyň içinde çagalaryň 2840-syna Aston, 1330-syna Bentleý, 107-sine Kia ýaly atlar dakylypdyr.

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi