BILIM

Pekindäki mekdeplerde emeli intellekt boýunça hökmany sapaklar girizildi

Pekiniň mekdeplerinde täze okuw ýyly emeli intellekt (EI) boýunça hökmany sapaklaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen başlandy diýip, Hytaýyň neşirleri habar berýär.

Bilim bölüminiň maglumatlaryna görä, sentýabr aýyndan paýtagtyň 1400-den gowrak mekdebinde ähli synplarda emeli intellekt boýunça sapaklar başlandy. Her bir okuwçy bu ugur boýunça ýylda azyndan sekiz sapaga gatnaşmaly bolar.

Okuw maksatnamalary okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. Kiçi synplarda oýun görnüşli okuw usullaryna üns berilýär, onda çagalar edebiýat, saz we surat sapaklary arkaly emeli aň bilen tanyşýarlar.

Üçünji synpdan başlap okuwçylar tehnologiýalaryň gündelik durmuşda ulanmak boýunça mysallary öwrenip başlaýarlar, ýokary synplarda bolsa algoritmleri özleşdirýärler we öz taslamalaryny taýýarlaýarlar.

Amaly okuw üçin mekdepler häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Käbir okuw mekdeplerinde “akylly bilim platformasy” esasynda işläp duran interaktiw terminallar gurnalar, olar mugallymlara we okuwçylara interaktiw goldaw berer.

Mekdepleriň bir bölegi emeli intellekti biologiýa, informatika we sungat sapaklaryna integrirleýär. Bu bolsa sanly surat çekmek, gysga metražly filmleri we generatiw tehnologiýalaryň kömegi bilen saz döretmek ýaly mümkinçilikleri açýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi

Stanford uniwersitetiniň kitaphana katalogyna “Makul Sözlük” girizildi

Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi

Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi