BIZNES

Pekin şäherinde Türkmenistanyň maýa goýum mümçilikleri bilen tanyşdyryldy

Pekin şäherinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Hytaýyň kärhanalary daşary ýurtlarda ösdürmek boýunça assosiasiýasynyň bilelikde guramaklarynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistana maýa goýumlaryny çekmek boýunça maslahat” atly işewürlik forumy geçirildi.

Forumyň maksady Assosiasiýanyň 40 sany hytaý agza-kompaniýalaryny Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi P.Durdyýew, Assosiasianyň prezidenti He Çženweý, şeýle hem Ilçihananyň söwda wekili Ş.Batyrow çykyş etdiler.

Assosiasiýanyň prezidenti He Çženweý özüniň gutlag sözünde Türkmenistan bilen Hytaýyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň taryhyna degip geçmek bilen, ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýratyn ugurlaryna üns çekdi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan–Hytaý energetika köprüsiniň wajyp orny nygtaldy.

Türkmenistanyň Ilçisi öz çykyşynda halkymyzyň hal ýagdaýyny gowylandyrmaga we ýurdyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen Türkmenistanyň 2028-nji ýyla çenli döwür üçin orta möhletleýin we 2052-nji ýyla çenli döwür üçin uzak möhletleýin durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň syýasy taraplary we ähmiýeti barada durup geçdi. Şu nukdaýnazardan, ol hytaý telekeçilik ulgamynyň wekillerini Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyga çagyrdy.

P.Durdyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu şanly ýylda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar.

Ilçihananyň söwda wekili Ş.Batyrow öz çykyşynda hytaý maýa goýumlaryny çekmek üçin geljegi uly bolan pudaklary, ýagny nebit we gazhimiýa, agrosenagat toplumy, ulag we logistika, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary we beýleki ugurlary kesgitledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar şu ýyl Aşgabat şäherinde ýöriteleşdirilen türkmen-hytaý işewürlik forumuny geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gruziýa gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşyk baglaşdylar

Özbegistanda üçünji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek teklip edildi

Türkmenistan Malaýziýadaky halkara sergä taýýarlyk görýär

Türkmen wekiliýeti Katardaky sergä gatnaşýar

“Bäherden” keramiki önümler kärhanasyny işe giriziler

Türkmenistan bilen Owganystan demirýol ulgamynda täze ähtnamalara gol çekdiler