SPORT

Pekin-2022: bir olimpiadada 5 medal alan türgen

Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlary ahyrlap gelýär. Ertir Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy bolar.

Diýseň çekeleşikli geçen Olimpiýa oýunlarynda ýene-de medal gazanmakda Norwegiýanyň ýygyndysyna taý tapylmady. Adatça, gyşky oýunlaryň şasy hasaplanýan norwegiýaly türgenler bu gezek hem öz ýeňişlerini baýram edýärler.

Norwegiýaly türgenler altyn medal almakda rekord goýdular. Mundan ozalky, 2018-nji ýylda geçirilen Pýençhandaky Olimpiýa oýunlarynda Norwegiýanyň ýygyndysy 14 altyn, 14 kümüş we 11 bürünç medal gazanypdy.

Norwegiýanyň türgenleri bu gezek öz rekordyny täzeledi. Olar Pekinde 15 altyn,  kümüş we 12 bürünç medal, jemi 35 medal bilen öňdeligi eýeleýär.

Norwegiýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň 24-sinde hem çykyş edip, 8-sinde medal gazanmakda birinji boldy.

Ýöne bu gezek olara lyža sportunda agdyklyk etmek başartmady. Olara rus türgenler päsgelçilik berdi. Rus türgen Aleksandr Bolşunow bir Olimpiýa oýunlarynda 5 medal gazanan ilkinji lyžaçy türgen boldy.

Rus türgen Pekin Olimpiýa oýunlarynda 3 altyn, 1 kümüş hem-de 1 bürünç medaly eýeledi.

Medal gazanan ýurtlaryň sanawy:
ÝURT ALTYN KÜMÜŞ BÜRÜNÇ JEMI
1 Norwegiýa 15 8 12 35
2 Germaniýa 10 7 5 22
3 ABŞ 8 9 6 23
4 Niderlandlar 8 5 4 17
4 Şwesiýa 8 5 4 17
6 Hytaý 8 4 2 14
7 Şweýsariýa 7 2 5 14
8 Russiýa 6 10 13 29
9 Awstriýa 6 7 4 17
10 Fransiýa 5 7 2 14
11 Kanada 4 8 13 25
12 Ýaponiýa 3 5 9 17
13 Italiýa 2 7 8 18
14 Günorta Koreýa 2 5 2 9
15 Sloweniýa 2 3 2 7
16 Täze Zelandiýa 2 1 0 3
17 Finlýandiýa 1 2 3 6
18 Аwstraliýa 1 2 1 4
19 Wengriýa 1 0 2 3
20 Belgiýa 1 0 1 2
20 Çehiýa 1 0 1 2
22 Slowakiýa 1 0 0 1
23 Belarus 0 2 0 2
24 Ispaniýa 0 1 0 1
24 Ukraina 0 1 0 1
26 Polşa 0 0 1 1
26 Latwiýa 0 0 1 1
26 Estoniýa 0 0 1 1
26 Beýik Britaniýa 0 0 1 1

 

Bangkok şäheriniň ady üýtgedilýär

 

 

Ýene-de okaň

Dewid Bekhem rysarlyk derejesini aldy

Keýn “Bawariýadan” “Barselona” toparyna geçip biler

Ata Watan Eserleri

Mbappe “Altyn aýakgap” baýragyna mynaysp boldy

Özbegistan 2029-njy ýylda IV Aziýa Ýetginjekler oýunlaryny kabul eder

Türkmen türgeniniň Aziýa rekordy

Saud Arabystany binanyň depesinde stadion gurlar