SIZDEN GELENLER

Paýtagtym — seýilgähler mekany

Aziýanyň merjen şäheri — paýtagtymyz Aşgabat medeni dynç alyş merkezleriň, seýilgähleriň mekany. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ajaýyp keşbe giren ak şäherimiziň ähli ýerlerinde dynç almak üçin medeni dynç alyş merkezleri, seýilgählerdir medeniýet merkezleri bina edilendir.

Paýtagtymyzyň köp adamly ýerleri bolan seýilgähleriň, medeni dynç alyş merkezleriň birnäçesi hakynda maglumat:

«Arkadag» medeni-dynç alyş seýilgähi:

2015-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabat şäheriniň merkezinde, ak mermerli paýtagtymyzyň owadan künjekleriniň birinde — Bitaraplyk we Atamyrat Nyýazow şaýollarynyň kesişýän ýerinde «Arkadag» medeni- dynç alyş seýilgähi peýda boldy. Durmuş-medeni ähmiýetli bu desga 7 gektar meýdany tutup, belent binalaryň — «Oguzkent» myhmanhanasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Ösüş bankynyň dolandyryş binalar toplumyny özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň hormatyna bu seýilgähiň «Arkadag» diýlip atlandyrylmagy özboluşly mana eýedir.

«Älem» medeni-dynç alyş merkezi:

Daşy Oguzhanyň altyn ýyldyzy we bäş sany göl bilen gurşalan, zergärçilik sungatynyň gadymy nusgalarynyň biri bolan gülýakanyň görnüşi uzaklardan ünsüňi özüne çekýär. Mydama içi adamlardan ýaňa hyň berýän bu medeni-dynç alyş merkeziniň umumy meýdany 26 000 müň inedördül metre golaýdyr. Beýikligi 95 metre ýetýän binanyň üstündäki syn ediş çarhynyň diametri bolsa 57 metrden ybarat. Alty orunlyk öýjagazlaryň 24-sini özünde jemleýän äpet synlaýyş aýlawy bu merkeziň esasy binagärlik süňňüni emele getirýär. Täsin görnüşli bu bina dünýäde iň uly aýlanýan synlaýyş aýlawy hökmünde hasaba alnyp, 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

«Ylham» seýilgähi:

Bu seýilgäh halkymyzyň medeniýetine we sungatyna uly goşant goşan belli şahsyýetleriň keşplerinden ybarat. Olaryň arasynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleri, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp bolan ýazyjy-şahyrlarymyzyň ençemesiniň heýkelleri bar. Seýilgähde ýerleşýän heýkeller bürünçden ýasalandyr. Heýkelleriň 31 sanysynyň 3,5 metr, galan 16 sanysy göwre şekilindedir. 2010-njy 1-nji oktýabrynda bu seýilgähiň açylyň dabarasy bolup, oňa Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda “Ylham” seýilgähi diýlip  at berildi.

Maral Orazowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň

Ekologiýa kafedrasynyň mugallymy.

 

Ýene-de okaň

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat