SIZDEN GELENLER

Paýhasly adamy  nädip tanamaly?!

Günlerde bir gün okuwçy mugallymynyň ýanyna gelip şeýle diýipdir:
– Ýoldaş mugallym, parasatly adamy nadan adamdan nähili tapawutlandyrmaly?
Güneşli ertir çagy mugallym gök çaý içip oturşyna pikir ummanyna gitdi. Mugallym okuwçysyny yzyna düşürip, dag gerşiniň etegine eltip, aşakda ýatan ululy-kiçili daşlary görkezýär hem-de şol daşlary dagyň depesine daşamagy buýurýar. Daşlar örän köpdi. Okuwçy ony uzak günläp daşady, mugallym bolsa bagyň kölegesinde oturyp kitap okady. Görgüli oglanjyk örän ýadap, daş daşamasyny goýdy-da, mugallymynyň ýanyna geldi. Özüni bitiren işi üçin şadyýan halda şeýle diýdi:

– Ýoldaş mugallym, indi bilip bilermikäm soragymyň jogabyny?

– Ýok sen entek taýyn däl – diýip mugallym kellesini yralady.

– Onda şunça daşy ýokaryk daşamak nämä gerekdi? – diýip okuwçy nägileligini bildirdi.

– Ine, paýhasly adam şu soragy daş daşap başlamanka bererdi – diýip mugallym jogap berdi.

 

Bu gün seniň günüňdir

Sen her gün hakda şeýle pikir et!

Säher bilen sag-aman ören bolsaň, garaňky agşamyň aladasyna baş agyrtman şu günüňi bilip ýaşa. Geçip giden düýn barada hem, heniz gelmedik ertir hakda hem agyr oýlara batma. Bu gün seniň üçin dogdy, bu gündiz seniň üçin ýagtyldy. Sen şu gün bilen dogulmaly, şu gün bilenem ýaşamaly, şonda seniň durmuşyň geçmişiň gamyna büdremez. Diňe şu günüň üçin yhlas et! Sebäbi bu gün seniň üçin! Bu seniň günüň! Ähli hyýalyňy, ünsüňi, oýlap tapyjylygyňy, pikirleriňi, aň zähmetiňi we yhlasyňy  şu günüňe gönükdir. Işleriňde sazlaşygy sakla, ýagşy gylykly bol, geýim-gejimiňe üns ber, bedeniň sagdynlygyny sakla, köpe bähbitli işiň başyny tut.

Sen bu günüň sagatlaryny bölüşdir. Onuň  minutlaryndan  ýyllary,  sekuntlaryndan  aýlary  ýasap, her pursady netijeli ulanmaga çalyş: “Men şu gün özgelere peýda bermek, ýagşylyk etmek üçin ýaşaýyn. Azaşanlara ýol görkezeýin. Gaýgyly adamlary gaýgysyndan açaýyn. Agyr güne uçranlara teselli bereýin. Ululary hormatlaýyn, kiçileri söýeýin.”

Diňe şu günüň üçin yhlas et, çünki bütin geljek her günki “şu günlerden” ybaratdyr!

Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika