Kitap okamaklyk adama ruhy lezzet berýär, onuň göwün guşuny ganatlandyrýar hem-de oňa täze-täze sepgitlere ýetmäge uly bir güýç bolup hyzmat edýär. “Paýhas çeşmesi” kitaby hem şeýle kitaplaryň naýbaşylarynyň biridir.
Özünde örän uly gymmatlyklary bir ýere jemleýän “Paýhas çeşmesi” kitaby ähli ynsanlaryň şol sanda ýaş nesliň terbiýe mekdebi bolup durýar. Nesillerimiziň watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegine ýardam berýän bu kitapda Watançylyk we gahrymançylyk ündewleri hem beýan edilýär:
Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz.
***
Atany söýen, Watany söýer.
***
Atyny ýamanlanyň, ýol biýr jezasyn,
Ilini ýamanlanyň, ýat biýr jezasyn.
***
Batyr aty bilen batyr, at batyry bilen at.
***
Batyr başdan, ýüwrük aýakdan.
***
Batyr bir öler, gorkak – müň.
***
Batyr köpde ýow gaçyrar, pähim köpde – daw.
***
Batyr söweşde belli, ýüwrük – ýaryşda.
***
Batyra ýarag ne hajat.
***
Batyrdan ölüm hem eýmenermiş.
***
Batyrlyk bilekde däl, ýürekde.
***
Batyry batyr eden gylyç bilen bilegi,
Ýamany ýaman eden gara ýürek dilegi.
***
Batyry men-menlik öldürer.
***
Dostuňy saklama – nepden galmasyn,
Duşmanyň saklama – syryň bilmesin.
***
Duşman syryňy ogrular, dost hataňy dogrular.
***
Duşman syçança bolsa, güýjüň arslança bolsun.
***
Duşmana janyňy berseň hem, syryňy berme.
***
Duşmanyň güldügi – syryňy bildigi.
***
Är dogan ýerini küýsär, it – doýan ýerini.
***
Är başyny eger, emma dyzyny epmez.
Är kişini gylyç öldürmez, söz öldürer.
***
Är ýigidi ýowda gör.
***
Är ýigit özi üçin dogar, ili üçin öler.
***
Är yzyna är düşse, duşman gonjuna gor düşer.
***
Äre etseň hezzeti, är hezzetlär başyňy, namarda etseň hezzeti, it çekelär läşiň.
***
Geýmäge keten ýagşy, ölmäge – Watan.
Görşümiz ýaly, özünde baý gymmatlyklary saklaýan “Paýhas çeşmesi” ýaş nesillere ýol-ýörelgedir, terbiýe mekdebidir.
Hormatly Prezidentimiz ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemek barada atalyk aladalary edýär. Ata Watanymyzy, ene topragymyzy gözüniň göreji deý gorap saklajak hem-de ýurdumyzy ösdürjek ýaşlarymyza uly bil baglaýar.
Hormatly Arkadagymyzyň häzirki döwürde ýurdumyzda we halkara derejede alyp barýan işleriniň uly üstünliklere beslenmegi pederlerimiziň arzuwlan eýýamynyň aýdyň subutnamasydyr.
Allakow Şatlykdurdy,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
Harby institutynyň mugallymy