SPORT

Pariž Olimpiadasynda ýeňiş gazanan özbek türgenler sylaglandy

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde tamamlanan tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan Özbegistanyň milli ýygyndysyny sylaglamak dabarasy boldy.

Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan özbek türgenlerini howa menzilinde Senatyň başlygy Tanzila Narbaýewa, Premýer-ministri Abdulla Aripow, Sport ministrliginiň ýolbaşçylygy, Daşkent şäheriniň häkimi we beýleki ýolbaşçylar gatnaşdy.

Özbegistanyň ýygyndysy Pariž Olimpiadasynda 8 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandy. Şeýlelikde, özbek türgenleri rekord derejede altyn medal gazanmagy başardy.

Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanan türgenlere 200 müň dollar, “Chevrolet Tahoe” awtoulag we 2 gatly kottež jaýy sowgat berildi. Kümüş medalyň eýelerine 100 müň dollar, “BYD Song Plus EV Champion” awtoulag hem-de jaý, bürünç medaly gazanan türgenler 50 müň dollar, “YD Song Plus DM-i Champion” awtoulag hem-de jaý sowgat berildi.

Jemi 13 medal gazanan özbek türgenleri medallaryň sanawynda 13-nji orny eýeledi.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler