SPORT

Pariž Olimpiadasy: bir hepdede 4 altyn medal gazandy

Fransiýada geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynyň esasy gahrymanlarynyň biri ýer eýelerinden fransuz türgen Leon Marşan boldy. Fransiýanyň suwda ýüzmek boýunça türgeni Leon Marşan bir hepdäniň dowamynda Pariž Olimpiadasynda 4 altyn medal gazanyp, uly üstünlige eýe boldy. Mundan ozal, Fransiýanyň taryhynda şeýle üstünlik gazanan türgen ýok.

ABŞ-nyň suwda ýüzmek boýunça meşhur türgeni Maýkl Felpsiň 16 ýyllyk rekordyny täzelän Leon Marşan amerikan türgeniň rekordlaryny birin-birin öz adyna geçirýär.

22 ýaşyndaky fransuz türgen 6 günüň dowamynda 4 altyn we 4 sany Olimpiýa rekordyny goýdy.

28-nji iýulda Leon 400 metr aralyga erkin ýüzmekde 2008-nji ýyldan bäri saklanyp gelýän Olimpiýa rekordyny täzeledi. Fransuz türgen 31-nji iýulda 2 aýry finalda bäsleşip, ikisinde-de altyn medal gazandy we olimpiýa rekordlaryny täzelemegi başardy.

2-nji awgustda hem Leon Marşan 200 metr aralyga ýüzmekde täze rekordyň eýesi boldy. Şeýlelikde, şol gün 22 ýaşyndaky türgen Fransiýanyň taryhyna girdi. Şeýle ýetginjek döwründe Fransiýanyň taryhyndaky iň köp medal gazanan türgen bolan Leon Marşan Pariž Olimpiadasynda 3 gezek Olimpiýa çempiony bolan ilkinji türgendir.

Leon Marşan bu üstünlikleri bilen eýýäm 320 müň ýewro gazanmagy başardy. Fransiýanyň hökümeti Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanan türgenlere 80 müň ýewro pul baýragyny berjekdigini mälim edipdi.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler