DÜNÝÄ

Pandalar köpelýär

Üç aý mundan ozal Günorta Koreýanyň Kýongi şäherindäki “Everland” seýilgähinde dünýä inen ilkinji panda halk köpçüligine tanyşdyryldy. Bu panda “Fu Bao” diýip atlandyryldy, bu bolsa koreýa dilinde “Bagtly hazyna” diýmegi aňladýar.

Ýurduň häkimiýetleri pandanyň örän sagdyndygyny bellediler. Alymlar panda nesliniň ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleriň biridigini belläp, şol sebäpli täze doglan panda çagasynyň dünýä inmeginiň ähmiýetligini belleýärler.

Käbir pandalar agramy 200 gramdan az bolup dogulýar, bu agram olaryň ýaşamak derejesini ep-esli azaldýar. “Everland” seýilgähiniň işgärleri “Fu Bao” atly pandanyň agramy 197 gram, uzynlygy bolsa 16.5 santimetr bolup doglandygyny, ýöne çalt önüp ösendigini habar berdiler.

Panda “Fu Bao” häzirki wagtda agramy 5,8 kilogram we boýy 58,5 santimetre barabardyr. Şeýle-de bolsa, Fu Baonyň adyny saýlamak üçin saýlawda 50.000 töweregi adamyň gatnaşandygy mälim edildi. “Everland” seýilgähinde “Fu Bao” ýakyn hepdelerde gezelenç edip biler. Şeýle hem täze dünýä inen pandanyň, üç ýaşyndan soň dogduk mekany bolan Hytaýyň Sinçuan welaýatyna dolanyp barmagyna garaşylýar.

 

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri