DÜNÝÄ

Pakistanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Farýal Legari bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda hanym Legari ynanç hatynyň nusgalaryny türkmen tarapyna gowşurdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde hemmetaraplaýyn ýardamy bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar ýokary derejede ýola goýlan yzygiderli gatnaşyklaryň dürli ugurlardaky türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ösdürmekde aýratyn orny eýeleýändigini bellediler.

Sebit we halkara düzümleriň, hususan-da BMG-niň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy.

Daşary işler ministri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Halkara forumyň ähmiýetini nygtap, 1995-nji ýylyň Yslamabat Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda biragyzdan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Kararnamasynyň esasyny düzen ilkinji halkara resminamalarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem taraplar energetika we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy bilen bagly birnäçe soraglar boýunça pikir alyşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Farýal Legari iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek babatynda ähli tagallalary durmuşa geçirjekdigine ynandyrdy.

Ýene-de okaň

Aşa yssy sebäpli Fransiýada 1300-den gowrak mekdep ýapylýar

Rekord derejede yssy howa

Sebitara hyzmatdaşlygyň täze sahypasy Awazada açylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasyna gatnaşýar

Saida Mirziýoýewa Özbegistanyň Prezident administrasiýasynyň başlygy boldy

Simge we Edis Arkadag şäherinde konsert berdi

Ata Watan Eserleri