Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Maligi kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz we ministr söhbetdeşligiň dowamynda türkmenpakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, söwda-ykdysady ulgam bu gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şunda strategik häsiýete eýe bolan ýangyçenergetika toplumy hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidir. Bu babatda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hemde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça taslamalar uly ähmiýete eýedir.
Energetika we kommunikasiýalar ulgamynda bu iri taslamalaryň amala aşyrylmagy tutuş sebitiň durnukly durmuşykdysady ösüşine, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna, sebitde parahatçylygyň hemde durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Biziň ýurdumyz durnukly ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz şerti bolan energiýa serişdeleriniň ygtybarly, durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär, iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär hemde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde üstünlikli amala aşyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, Pakistanyň Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasat ugruny hemde onuň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda öňe sürýän halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygy nygtaldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan bu ugurda birnäçe Kararnamalaryň kabul edilmegi Türkmenistanyň başlangyçlarynyň möhüm häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.
