JEMGYÝET

Pagtaçy kärendeçiler gowaça ekişini doly tamamladylar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileriniň gowaça ekişini doly tamamlandyklary barada hoş habary ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, ýurdumyzyň oba zähmetkeşlerini şatlykly waka bilen gutlady we olara alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikler arzuw etdi. Gowaçalara edilýän idegiň agrotehnikanyň talaplaryna doly laýyk gelmelidigine ünsi çekip, milli Liderimiz bu işleriň degişli derejede ýola goýulmagy bol hasylyň kepilidigine ünsi çekdi.

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy