JEMGYÝET

Özbek Lideri türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda özbek Lideri türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlap, berk jan saglygyny, abadançylyk, doganlyk Türkmenistana parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zaman Türkmenistanyň durnukly ösüşinde, ýurduň halkara abraýynyň belende galmagynda, şeýle hem türkmen-özbek dostluk, hoşniýetli goňşuylyk we strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan goşandynyň uludygyny belledi.

Milli Liderimiz Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.

Söhbetdeşler soňky ýyllarda döwletleriň arasynda gazanylan ýokary derejedäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iki ýurduň Liderleriniň yzygiderli duşuşyklaryň esasynda gazanylandygy bellenildi.

Netijeli we ykjam pudagaara gatnaşyklary ýola goýuldy, haryt dolanyşygynyň we ýük gatnamalaryň möçberleri artýar. Möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär, şol sanda “Şabat-Daşoguz” sebit söwda zolagynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Medeni-ynsanperwer alyş-çalşygy işjeň alnyp barylýar.

Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini, sebit forumyny we işewürler geňeşiniň maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi.

Sebit hyzmatdaşlygynyň häzirki taraplary, üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynda Daşkentde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Putin Türkmenistanyň Prezidentini GDA-nyň sammitine çagyrdy

Prezident Ärdogan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşdy

Özbek Lideri: Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk pelsepesiniň esaslandyryjysydyr

Mirziýoýew: Özbegistan 2027-nji ýyly “Öňüni alyş diplomatiýa ýyly” diýip yglan eder

Premýer-ministr: Baku Türkmenistanyň Bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny goldaýar

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň gurluşynda Halkara suw guramasyny döretmegi teklip etdi